GYMMATLY HAZYNA

  • 16.02.2026
  • GYMMATLY HAZYNA

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp kitaplary bize sowgat edýär.
    «Hakyda göwheri» — Gahryman Arkadagymyzyň çuň mana ýugrulan, şeýle at bilen çapdan çykan ajaýyp kitaby turuwbaşdan giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine eýe boldy. Bu kitap geçmişimize buýsanjy, geljegimize ynamy artdyrýar. Çuňňur paýhasa ýugrulan täze kitabyň ady, onuň daşky sahabynyň bezeginde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň hem-de Seýit Jemaleddin metjidiniň şekillendirilmegi özboluşly bir kompozisiýany emele getirýär.
    Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babatynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Milli Liderimiz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir. Alty bölümden ybarat «Ruhy miras» babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginligine üns çekilýär.
    Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza ajaýyp eserini peşgeş bermegi il-ulsumyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, beýik taryhymyza, milli mirasymyza bolan belent söýginiň özboluşly dabaralandyrylmasyna öwrülendigimizi buýsanç bilen belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigini bellemek gerek. Hakykatdan-da, Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhyny, döredijilik mirasyny beýan edýän paýhas dürüdir.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik işleri we çeper eserleri geljekki nesiller üçin gymmatly hazynadyr. Gahryman Arkadagymyzyň watandaşlarymyza serpaý eden eserleri halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlygyna öwrüldi. Alym Arkadagymyz döredijilik gözlegleri barada aýdyp, bu kitaby döretmekde mundan ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetiren dürli kitaplaryny, şeýle hem Watanymyzyň at-abraýy üçin gijesini gündiz edip işleýän arheologlarymyzyň täze taryhy tapyndylar esasynda toplan maglumatlaryny, daşary ýurtlardan getirilen golýazmalar esasynda pikir ýöredip boljak täzeçe taryhy garaýyşlary peýdalanandygyny beýan edýär.



    Ogulmaral ORAZOWA
    Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

    Başga makalalar