Behişdi bedewlerimiz

  • 18.02.2026
  • Behişdi bedewlerimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedewlerimiziň at owazasy dünýä ýaň salýar. Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, arassa ganly bedewleriň baş sanyny köpeltmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatlary uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ştat-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara atçylyk assosiasiýasy döredildi. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki açyldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş baýragyna, şeýle hem ençeme beýleki halkara ýaryşlaryň baýraklaryna mynasyp bolan bu topar milli sirk sungatymyzy dünýäde giňden tanatmaga uly goşant goşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň derejesini has-da belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, toparyň çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriniň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar



    Ogulşirin BAÝRAMOWA
    Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
    Başga makalalar