Ýurdumyzda emele gelen durnukly ykdysady hem-de syýasy ýagdaý, kanuny taýdan kepillikler we döwlet goldawy daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň barha artýan özüne çekijiliginiň esasy şertleriniň biridir. Ýakyn geljek üçin maýa goýumlary höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenilip taýýarlanylanda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny hem-de senagatlaşdyrmagyň derejesini çaltlandyrmak, tehnologik işleri ösdürmek, durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini kemala getirmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly esas goýujy ýörelgeler hasaba alyndy. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahat söýüjilikli daşary syýasatyna ygrarlydygyny tassyklamak bilen, milli hem-de halkara derejede energetikanyň durnukly geljegini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, tebigy gazyň baý gorlarynyň bolmagy Türkmenistana ygtybarly energetika we üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek işine uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Eziz Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýalarynda iri «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň energetika ulgamy üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan transmilli gaz geçirijisi aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň strategik çemeleşmeleri ykdysady ösüşi goldamak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak üçin ägirt uly uglewodorod gorlaryndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Dünýä bazarlary üçin goşulan bahasy ýokary bolan önümleri nebithimiýa toplumlaryny gurmak we ösdürmek boýunça taslamalar uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen birlikde, iri känlerde nebitiň gazylyp alnyşyna artdyrmak, geologik barlaglara innowasiýalary çekmek, magdan we magdan däl gazylyp alynýan baýlyklary artdyrmak hem-de ýüze çykarmak üçin mümkinçilikler bar. Türkmenistan ýurdumyzda öndürilýän, importyň ornuny tutýan önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn işleri durmuşa geçirýär. Munuň özi özara maýa goýumlaryň höweslendirilmegini, işewürligi ýöretmek üçin amatly şertleriň döredilmegini, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, gurluşyk, nebit we gaz serişdelerini gaýtadan işlemek, himiýa senagaty, ýokary tehnologiýalar we beýleki uly işleri öz içine alýar.
Ogulsapar SALYHOWA Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy