Sanly ulgamyň ösüşleri

  • 19.02.2026
  • Sanly ulgamyň ösüşleri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de kämilleşdirmek ybaratdyr. Bu babatda daşary döwletler, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Kibergiňişlikde sanly ulgamyň howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýar.
    Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Olar ulanyş babatda amatlylygy we hil boýunça daşary ýurtlaryň sanly önümlerinden birjik-de pes durmaýar.
    Öňdebaryjy tehnologiýalar hyzmatlar ulgamyny hem düýpli özgerdýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu günki gün ýurdumyzda köpugurly ykdysadyýet kemala getirilýär, senagat düzümi diwersifikasiýalaşdyrylyp, öňdebaryjy ylmy tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän täze kärhanalar hem-de toplumlar döredilýär. Bilim we ylym ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady hil taýdan döwrebaplaşdyrylyp, internetden peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Şeýlelikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyz Watanymyz geljege tarap ynamly ädimleri ädýär. Türkmenistany dünýä ähmiýetli iri halkara telekommunikasiýa merkezine öwürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän netijeli işler ýurdumyzyň ösüşine kuwwatly itergi berýär

    Gülşat MELÄÝEWA
    Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň, hünär dersleri boýunça usuly birleşme ýolbaşçysy
    Başga makalalar