Häzirki döwürde Türkmenistan ykdysadyýetiň öňdebaryjy ugurlary bolan ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny hem-de hususy pudagy ösdürmek babatda uzak geljegi nazarlaýan taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegi, ägirt uly uglewodorod ýataklaryna baý bolmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, energetika serişdelerini eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça amala aşyrýan syýasaty netijesinde soňky ýyllarda dünýä derejesinde ýangyç-energetika pudagynda onuň eýeleýän ornuny has-da berkitdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda yglan edilen «Döwlet adam üçindir», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çuň manyly şygarlar döwlet syýasatynyň many-mazmunyny doly açýar. Gazanylýan uly üstünlikler saýlap alan ösüş ýolymyzyň dogrudygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşmegi giň gerimli halkara ulag geçelgelerini döretmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde halkara ähmiýetli örän iri ulag çatrygy hökmünde Hazar sebitiniň orny barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz soňky ýyllarda oňyn halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň möhüm guraly hökmünde oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli ilerledýär. Munuň özi halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygyň parahatçylyk, durnukly ösüş ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda BMG bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şanly wakalaryna beslenen şöhratly ýoluny alamatlandyrýar.
Aýgül GELENJÄÝEWA Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy