Galkynyşly döwrüñ sanly özgertmeleri

  • 03.09.2025
  • Galkynyşly döwrüñ sanly özgertmeleri


    Şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda garalan meseleler, kabul edilen çözgütler dünýä ýaň saldy. Tehnologiýalar we innowasiýalar arkaly deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde özgertmeleri öňe sürmek temasy şolaryň esasylarynyň biri boldy.  Elektron söwdany ösdürmek ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin esasy ugurlaryň biridir. Bu ulgamyň durnukly ösdürilmegi bolsa netijeli sanly döwlet infrastrukturasyna esaslanýan institusional düzümleriň sazlaşykly işini talap edýär. Elektron söwda ulgamynyň institusional düzümleri diýlip onlaýn söwdanyň işini kadalaşdyrýan we goldaýan düzgünleriň, kadalaryň, gurallaryň we mehanizmleriň toplumyna düşünilýär. Bu düzümler elektron amallaryň ygtybarlylygyny, howpsuzlygyny, netijeliligini üpjün edýär.
    Sanly döwlet infrastrukturasy bolsa raýatlar, kärhanalar we döwlet edaralary üçin jemgyýetçilik hyzmatlaryny üpjün edýän maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasydyr. Bu tehnologiýanyň giňden ulanylmagy dürli ugurlara degişli amallaryň ýerine ýetirilmegini ýeňilleşdirýär, maglumatlary bir ulgama birleşdirýär we wagty, serişdeleri tygşytlamaga, işewürligi, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede herekete girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
    Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly arabaglanyşyk bu ýurtlary sebit, dünýä bazarlaryna birikdirýän, maglumat we tehnologik elýeterliligi üpjün edýän ygtybarly, netijeli, tygşytly ulgamlary döretmegi göz öňünde tutýar. Şunda multimodal ulag geçelgelerini we infrastrukturasyny ösdürmek, logistika merkezleriniň, gury portlaryň işini kämilleşdirmek, goňşy ýurtlar bilen üznüksiz üstaşyr hyzmatdaşlygy ýola goýmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli ugra ýöriteleşen ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirmek möhümdir.

    Arslan GURBANOW
    Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyñ "Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag" barlaghanasynyñ baş hünärmeni

    Başga makalalar