Nebitgaz toplumynyň ykdysady üstünlikleri

  • 04.09.2025
  • Nebitgaz toplumynyň ykdysady üstünlikleri Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem-de energetika pudagy döwrebap ösdürilýär, olara sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň taslamalary durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýokary tehnologiýalara esaslanýan, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen giň gerimli maýa goýum taslamalary bar.
    Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüşe maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bagtyýar durmuşyň berkarar edilmegine ýardam berýär. Maýa goýum maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sazlaşykly ösüşiň baş şertini emele getirýär. Şunda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetlidigini bellemek gerek. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly syýasaty netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
    Daşary ýurt maliýe borçnamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň ygtybarly häsiýete eýediginiň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara söwda ulgamynda birek-birege hormat goýmak, deňlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär.
    Ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertler bar. Bu bolsa işjeň gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde, bilelikdäki taslamalaryň ýokary derejede amala aşyrylmagynda ähmiýetlidir. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmeginiň esasy wezipeleriniň biri bolan maýa goýum syýasaty häzirki döwürde tutuş dünýä ähmiýetli ugurlaryň birine öwrüldi. Munuň özi ykdysady ösüş bilen bir hatarda, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde-de möhümdir. Ykdysady ösüşe gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň baş şertini emele getirýär.
    Häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda eksport amallarynyň durmuşa geçirilmegi, maýa goýum maksatnamasynyň amala aşyrylmagy wajyp ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Dünýäde işewürligiň, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen birlikde, maýa goýum strategiýasynyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

    Derýa AGAJANOW
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby
    Başga makalalar