TÜRKMENISTAN — BINAGÄRLIGIŇ NURY

  • 04.09.2025
  • TÜRKMENISTAN — BINAGÄRLIGIŇ NURY

    Eziz Watanymyzyň binagärlik keşbi görenleri haýran galdyrýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan binagärlik-gurluşyk maksatnamasy Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr.
    Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň paýtagtynyň keşbi yzygiderli özgerýär, döwrebaplaşdyrylýar, durmuşyň ähli ugurlaryna ösen sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Her ýyl Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbiniň üsti dürli maksatly täze binalar bilen ýetirilýär. Şolaryň esasynda Aşgabat ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň hatarynda ornuny barha berkidýär.
    Paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalar «Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen şäherimiziň okgunly ösüşinde öz beýanyny tapýar. Aşgabatda binalaryň gurluşygy häzirki döwrüň ösen binagärlik talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ata Watanymyzyň baş şäheriniň nurana keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelenýär. Gurulýan we ulanylmaga berilýän binalaryň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
    Aşgabadyň binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan desgalarynyň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle-de Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda ak şäherimiziň çägini köpugurly şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary esasynda bina edilýän desgalaryň gurluşyk işleri gurşap aldy. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Ak bagtym sen, paýtagtym sen, Aşgabat!».

    Hojadurdy HOJADURDYÝEW

    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar