HALK BILEN HÄKIMIÝETIŇ MIZEMEZ JEBISLIGI

  • 05.09.2025
  • HALK BILEN HÄKIMIÝETIŇ MIZEMEZ JEBISLIGI Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Türkmen halky döwlet gurujy halkdyr. Biz döwlet gurmak babatda merdana ata babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiňmilli nusgasyny saýlap aldyk. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilik däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti döretdik” diýip belleýär. Taryhyň bütin dowamynda türkmen milleti tutumly bir işiň başyny tutanda halk bilen geňeşipdir. «Geňeşli il salamat bolar», «Maslahatly il myrada ýeter» ýaly pähimler hut şol ýörelgäniň esasynda kemala gelipdir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Bir supranyň başynda jemlenip, maslahat etmek, birek-birege sala salmak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýokary wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahaty agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz döwletiň ykdysady, syýasy kuwwatyny artdyrmakda ägirt uly güýçdür. Ol güýç ýaşuly nesliň göreldesiniň, tejribesiniň ýaşlara geçmegi bilen, Garaşsyzlygyň 34 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda buýsanjymyza buýsanç goşýar. Öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň, döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini nobatdaky gezek aýan eder. Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini dünýä ýaýar.


    Söýenç Ahmedow
    Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
    akademiýasynyň mugallymy
    Başga makalalar