«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz»

  • 08.09.2025
  • «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz»

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletli we tutumly işleriň gözbaşy bolup durýar. Bu döwletli işler ähli ildeşlerimizde şol sanda biz bilim işgärlerinde uly buýsanç döredýär. Munuň özi wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, gatnaşmagy il-ýurt bähbitli çözgütleri kabul etmekde wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa ýurdumyzda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen halkymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalara şaýat bolýar. Şanly ýylymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüler. Çünki türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri hem öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli demokratik däpleridir. Ara alyp maslahatlaşmak däbi gadymy döwürlerden bäri bolup, ol halkyň, ýurduň möhüm meselelerini, mizemez durmuş ýörelgelerini, dessurlaryny, ajaýyp däplerini jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne, ösüşiň özenine öwrüpdir. Milli özboluşlylyk maslahatlarda öz beýanyny tapypdyr. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, bu ýörelge müňlerçe ýyl bäri türkmenleriň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriň birine öwrüldi.

    Gunça NURBERDIÝEWA
    Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
    akademiýasynyň mugallymy

    Başga makalalar