Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk senesiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolar. Bu taryhy maslahatyň geçiriljek gününiň barha golaýlaşýan gxnlerinde baş baýramymyzyň joşguny bilen doly köňülleriň owazyna garylan sözler dile gelýär. Ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna döwletli tutumlaryň durmuşa geçirilmeginiň esasynda ýokary guramaçylykly, maslahatly bitirilýän işler bar. Gahryman Arkadagymyz “Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär. Halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem esasy wezipeleri halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirilendir. Sebäbi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ösüş nusgasynda döwletimiziň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, raýatlaryň durmuş taýdan goragly bolmagy esasy maksat edilip goýlandyr” diýip belleýär. Goý ýurdumyzyň we halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler rowaç alsyn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ähmiýetli, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýnagözel ANNAGULYÝEWA Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy