TÜRKMENİSTANYŇ HALK MASLAHATY-JEBİSLİGİŇ WE AGYZBİRLİGİŇ NUSGASY

  • 13.09.2025
  • TÜRKMENİSTANYŇ HALK MASLAHATY-JEBİSLİGİŇ WE AGYZBİRLİGİŇ NUSGASY

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýlaryna barýan Türkmenistanda ykdysadyýetiň öňdebaryjy pursatlary bolan ýangyç-energetika, gurluşyk we senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny hem-de hususy pudagy ösdürmek babatda uzak geljegi nazarlaýan işler alnyp barylýar. Şeýle taslamalary halkara maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýär. Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň terbiýeçilik, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleri agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge uly ýardam berýär. 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda bolsa paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşmak müňlerçe ýyl bäri milletimiziň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Häzirki taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň esasyna, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Halk Maslahatynda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemleniler. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň orny babatda öňde durýan wezipeler kesgitleniler.

    Tawus DURDYÝEWA
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti

    Başga makalalar