Geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän maslahat

  • 14.09.2025
  • Geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän maslahat Ýenede sanlyja günlerden türkmen halkymyz ýene-de bir taryhy wakanyň şaýady bolar. Gözel paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýär. Halk demokratiýasynyň bu kadasy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeleýär. Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşulularyň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär. Ýaşulularymyza hormat goýmak pederlerimizden miras galan iň asylly däpleriň biridir. Her ýyl ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşulularyň maslahatlary we teklipleri diňlenilip, şolaryň esasynda döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm kararlar işlenilip düzülýär hem-de kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda asyrlaryň synagyndan geçen milli demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alyp, raýat jemgyýetiniň kämilleşdirilmegine, wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň işini ösdürmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň has-da ygtybarly bolmagyna uly ýardam edýär. Türkmenistanyň geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegi, ägirt uly uglewodorod ýataklaryna baý bolmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, energetika serişdeleriniň eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça amala aşyrýan syýasaty netijesinde, soňky ýyllarda dünýä derejesinde ýangyç-energetika pudagynda eýeleýän ornuny has-da berkitdi. Iri energetika döwleti hökmünde Türkmenistan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda energetika serişdelerini öndürmegiň, ibermegiň hem-de peýdalanmagyň daşky gurşawy oňaýsyz täsirini peseltmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär.

    Tawus DURDYÝEWA
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti
    Başga makalalar