Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy: Ýurduň ösüş ýolunyň şanly senesi

  • 23.09.2025
  • Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy: Ýurduň ösüş ýolunyň şanly senesi

    2025-nji ýylyň güýz pasly bilen bilelikde ýurdumyzda örän möhüm we milli buýsanjy alamatlandyrýan sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Bu şanly sene halkymyzyň geçmişine hormatyň, şu gününe buýsanjyň hem-de geljegine bolan berk ynamyň nyşanydyr.
    1991-nji ýylyň 27-nji sentýabry – bu diňe bir senä däl, eýsem, türkmen halkynyň asyrlarboýy arzuw eden Garaşsyzlygynyň resmi taýdan ykrar edilen güni hökmünde milli taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan gündür. Şu günden başlap, türkmen halky özüniň içki we daşarky syýasatyny, ykdysadyýetini, bilimini, medeniýetini hem-de jemgyýetçilik ulgamyny özbaşdak ýöretmäge mümkinçilik aldy. Şu geçen 34 ýylyň dowamynda ata Watanymyz ähli ugurlarda ösüş ýolundan ynamly öňe barýar. Döwletimiziň halkara derejesindäki abraýy artýar, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyklar giňelýär. Ýurduň çar künjeginde gurlan döwrebap binalar, giň ýol-ulag ulgamy, täze şäherçeler, saglyk we bilim merkezleri Garaşsyzlygyň miwesidir. Şeýle ösüşleriň dowamynda, elbetde, halkymyzyň agzybirligi, parahatçylyga, zähmete bolan söýgüsi esasy orny eýeleýär.
    Garaşsyzlyk her bir raýat üçin aýratyn many berýär. Ol ýaş nesiller üçin bagtyýar durmuşyň kepili, bilim almagyň we öz arzuwlaryny amala aşyrmagyň mümkinçilikleridir. Biz – ýaşlar, şu günki gazanylan üstünlikleriň dowamly bolmagynda öz mynasyp paýymyzy goşmalydyrys. Okamak, öwrenmek, halal işlemäge çalyşmak, Watanyň ösüşi üçin tagalla etmek – Garaşsyzlygyň hakykatyny manyly mazmuna öwürýän ýol budur.
    Bu şanly baýram mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, eziz Watanymyzyň asudy asmany astynda durmuşymyz şatlykly, ösüşlerimiz rowaç bolsun!

    Oguldöni RAHMANOWA
    Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni miras fakultetiniň Medeni guramaçylyk işi kafedrasynyň mugallymy

    Başga makalalar