Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de netijeli durmuş-ykdysady özgertmeleri, giň gerimli düzümleýin maksatnamalary amala aşyrýan Türkmenistan dünýä ýurtlary, iri halkara guramalary, maliýe düzümleri bilen işjeň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ýangyç-energetika ulgamyny ösdürmäge ygrarlydyr. Bu möhüm ugurda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer. Türkmenistanda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Baky Bitaraplygymyz — gülläp ösüşlerimiziň kepili. Garaşsyz Türkmenistan ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulýan ýurt hökmünde ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä äşgär edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini ilerletmek hem-de ilatyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Bu ugurda geljegi nazarlaýan tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, tebigy serişdeleri aýawly, toplumlaýyn peýdalanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Import edilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleri ösdürmekde, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly sepgitlere ýetilýär.
Oguljeren POPYÝEWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby