BEÝİK ÖSÜŞLERİMİZİŇ AÝDYŇ ÝOLY

  • 28.10.2025
  • BEÝİK ÖSÜŞLERİMİZİŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Gadymy türkmen topragynda ylym, medeniýet, sungat bilen meşgullanan beýik şahsyýetleriň ençemesi kemala geldi. Şol beýik şahsyýetleriň arasynda döredijilik mirasy diňe bir Gündogaryň nusgawy şygryýeti däl, eýsem, dünýä edebiýatyny hem baýlaşdyran türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy aýratyn orun eýeleýär. Beýik ynsanperwer şahyryň ölmez-ýitmez eserleri parahatçylyk we ynanyşmak, ýagşylyk, adalatlylyk ýaly düşünjeleri wasp edip, umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu günki gün onuň sebitleýin we halkara derejede ylalaşdyryjy merkez, umumadamzat ähmiýetli çäreleriň geçirilýän ýeri hökmündäki abraýy-da barha artýar. Bu ýyl ýurdumyzyň, onuň merjen paýtagty Aşgabadyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artmagy bilen şöhratlanýar. Biz muny ýurdumyzda geçirilýän dürli derejedäki halkara çäreleriň — Medeniýet günleriniň, sergileriň, maslahatlaryň, festiwallaryň mysalynda arkaýyn tassyklap bileris. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işi ýurdumyzy iň bagtly adamlar ýaşaýan hem zähmet çekýän kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir. Ähli üstünliklerimiziň, beýik ösüşlerimiziň aýdyň ýoludyr.

    Jennet MYRADOWA
    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby

    Başga makalalar