«Ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgeleri

  • 20.02.2026
  • «Ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgeleri

    Ekologik meseleler boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşýan Türkmenistan adamzadyň geljegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegi ugrundaky tagallalary mynasyp goşant goşmak bilen, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. şeýle hem Türkmenistan ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda täze başlangyçlary öňe sürýär.
    Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we kabul edilen halkara borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetika, energetika netijeliligini ýokarlandyrmak, biodürlüligi gorap saklamak ýaly ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda energiýanyň öndürilişikde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýynyň artdyrylmagy ugrunda işjeň çäreler görülýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, tebigy serişdeleriň sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik döredýär.
    Ilatyň ekologik medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy daşky gurşawy aýawly gatnaşyklary kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Giň gerimli bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi tebigatyň peşgeş beren mirasyna aýawly garaýan, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ählumumy tagallalara goşant goşýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän ýurdumyz durnukly ösüşi we ekologik meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň möhüm bölegi bolup durýandygyny, umumy meseleleri çözmekde netijeli halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim edýär.
    Häzirki döwürde daşky gurşawy goramakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär. Ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäreleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir.
    «Ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerinden ugur alnyp, senagat toplumlaryny tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Täze önümçilik düzümleriniň desgalarynyň gurluşygy, bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak işleri ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil çözgütleriň ulanylmagy arkaly durmuşa geçirilýär.

    Ýyldyz DURDYÝEWA
    Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

    Başga makalalar