Arkadag şäheri parahatçylyk inženeriýasynyň aýdyň nusgasydyr

  • 25.09.2025
  • Arkadag şäheri parahatçylyk inženeriýasynyň aýdyň nusgasydyr BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Ýylyň şygarynda parhatçylyk, özara düşünişmek, dostluk ýaly adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Şu nukdaýnazardan, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladalary netijesinde, döwrebap infrastrukturasy, ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary bolan, ekologiýa taýdan arassa täze şäher – Arkadag şäheri emele geldi. Bütin dünýäde Arkadag şäheri akylly şäher diýlip ykrar edildi we akylly tehnologiýalar we sanly ykdysadyýet ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. Akylly şäheriň gurulmagy bilen adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleri ýokary derejelere ýetdi, iş we ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Häzirkizaman dünýäsinde tehnologiýalar çalt ösýär. Şol sebäpli akylly şäheri döwrebap dolandyrmak, ösdürmek, kämilleşdirmek üçin sanly we akylly innowasion tehnologiýalary yzygiderli döretmek, durmuşa ornaşdyrmak, iş ýerlerini, täze senagat we hyzmatlar ulgamlaryny döretmek, adamlaryň ösýän isleglerini öwrenmek we doly kanagatlandyrmak, şäheriň ykdysady taýdan amatly bolmagyny gazanmak zerurlygy ýüze çykýar. Degişli meseleleri öwrenmek we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmek üçin ýurdumyzda birnäçe sany ýokary okuw mekdepleri hereket edýär. Şol ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary akylly şäher tehnologiýalary boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýarlar, innowasiýalary döredýärler. Arkadag şäheri parahatçylyk inženeriýasynyň aýdyň nusgasydyr. Sebäbi Arkadag şäheri hemmeler üçin bagtyýarlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, parahatçylygyň nyşanydyr. Arkadag şäheri hemmeler üçin düşünişmegiň, ynanyşmagyň, adalatlylygyň, deňhukuklylygyň, howpsuzlygyň nyşanydyr. Arkadag şäheri hemmeler üçin gözelligiň, arassalagyň, kämilligiň nyşanydyr. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!”, “Watan halky bilen Watandyr! Döwlet halky bilen döwletdir!” diýen şygarlarynyň durmuşa ornaşdyrylýan şäheridir.

    Akgül BAÝLYÝEWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy
    Başga makalalar