Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurlan we Arkadag şäheriniň bezegi bolan «Akhan» atly özboluşly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy milletimiziň buýsanjy bolan behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr. Täze şäheriň dünýä ahalteke bedewlerini peşgeş beren gadymy türkmen topragynyň iň gözel ýerleriniň birinde gurulmagy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda behişdi bedewler Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan uly üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň seýislän Akhan atly ahalteke bedewi 2018-nji ýylda 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmegi başardy. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda türkmen bedewine bolan hormatyny, söýgüsini çuňňur beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz «Bedew» atly şygrynda:
Baýlyk kändir asman-zemin arada,
Ýöne saňa taý geljek zat nirede? —
diýip, ahalteke bedewiniň waspyny ýetirýär.
Täze şäherde «Arkadag Binasy» hem seniň ünsüňi özüne çekýär. Bu binada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewine atlanan aýgytly keşbi şekillendirilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan batly gadamlaryny alamatlandyrýar. Sütüniň ýokarsyna görk berýän altyn çaýylan bugdaý sünbülleri ýurdumyzdaky berekediň, bolçulygyň sungat dilindäki beýanydyr.
Tebigatyň täsiri esasynda bedewlerde ynsan syzgyrlygy, paýhaslylygy kemala gelipdir. Çyn bedewler ykbalynyň barha ýokary göterilýändigini duýýar, ol özüne şeýle bagty berenleri alkyşlaýar. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyz özüniň ruhy gardaşy — bedew atyny beýgeldýär, olar bolsa türkmeniň mertebesini beýgeldýär. Şunuň üçin hem halkymyz gamyşgulak, ýyndam bedew atlaryna buýsanýar.
Türkmen halkynyň uçar ganaty bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gülälek REJEPGULYÝEWA
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi