Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şunda durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidildi, edara-kärhanalaryň, guramalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi we olaryň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyryldy. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli milli hem halkara bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde orta we uzak möhletleýin döwür üçin «Ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge, ekologik taýdan kabul ederlikli tehnologiýalary ornaşdyrmaga, daşky gurşawy goramak babatda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, sanly tehnologiýalaryň, «ýaşyl» başlangyçlaryň utgaşdyrylmagy hem zerur bolup durýar. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça işleriň çäklerinde ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologik taýdan arassa ulaglara geçmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy ekologik abadançylygy üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär. milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Adyl AMANOW Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby