Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda her bir güni, her aýy, ýyly örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik wakalaryndan doly täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlary berkidilýär. Türkmenistany dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça tapgyrlaýyn işler amala aşyrylýar. Berkarar Türkmenistan agzybirligiň hem-de rowaçlygyň ýurduna öwrüldi. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Täze taryhy döwürde döwletimiziň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy pugtalanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar. Raýatlarymyzyň watansöýüjiligi, häkimiýet bilen halkyň mizemez bitewüligi bolsa döwlet durmuşynyň binýady, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak babatda uly tagalla edilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiz uly işleri alyp barýarlar. Şolaryň esasynda, häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň ak ýoly bilen öňe barýar.
Sapar AMANGELDİÝEW Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby