BİLİMDEN PAÝLY BAGTYÝAR NESİLLER

  • 22.11.2025
  • BİLİMDEN PAÝLY BAGTYÝAR NESİLLER Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Häzirki ajaýyp döwürde bilim ulgamyny halkara derejede döwrebap ýagdaýa getirmäge, mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün bagtyýar ýaşlarymyza okap bilim almaga we hünär öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ylym-bilim öwrenmäge, gujur-gaýratyny, döredijilik güýjüni birleşdirip, Berkarar döwletimiziň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlanýarlar. Häzirki wagtda Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitmäge, dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ylym-bilimli ýaşlar, sanly tehnologiýalara düşünýän hünärmenler zerurdyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamynyň kömegi bilen sanly tehnologiýalar öwredilýär. Iň täze mümkinçiliklere eýe bolan orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerimizde giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek işi üstünlikli alnyp barylýar. Şonuň üçin häzirki döwürde mugallymlaryň hünär derejeleri has-da kämilleşdirilýär, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläkde ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarymyzyň hem-de geljegimiziň berk binýady hökmünde bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap ylym we bilim almaklaryna, sagdyn ösmeklerine, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmeklerine aýratyn ähmiýet berýär. Garaşsyz döwletimizde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan bilim özgertmeleri netijesinde, döwrebap sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden durmuşa ornaşdyrylýar, bilim bermegiň döwrebap ugurlary kemala gelýär. Bu ugurdan kämil hünärmenleriň, halypa mugallymlaryň işlerini aýratyn bellemek gerek. Bilim ulgamynda zamanabap kompýuter, multimedia enjamlary, täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Amala aşyrylýan bu işler ýaşlarymyzyň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almaklaryna, sagdyn ösüp, jemgyýetimize mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär. Zehinli ýaşlarymyz nanotehnologiýalary, täze serişdeleri ylmy taýdan öwrenip, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary babatda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

    Bägül ÇÜRİÝEWA
    Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy
    Başga makalalar