BILIM — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

  • 22.12.2025
  • BILIM — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY Ýurdumyzda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
    Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim, medeniýet bilen berk baglydyr. Şol maksat bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady hem bolup durýar.
    Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, ony dünýä giňişligine çykarmak üçin yzygiderli we maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege», «Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedralary döredildi. Bu kafedralar adaty halkara kafedralar däl-de, eýsem, giň möçberli halkara okuw-barlag işi mazmuny we görnüşi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň adaty işinden tapawutlanýar.
    Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Şol maksat esasynda ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

    Ogulbaýram GURBANOWA
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy
    Başga makalalar