BILIMLI NESILLER WATANYŇ GELJEGI

  • 17.02.2026
  • BILIMLI NESILLER WATANYŇ GELJEGI

    «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde milli bilim ulgamy toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýar, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ýokary derejesi üpjün edilýär. Sanly ulgamy ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň öňdebaryjy usullary we tejribeleri ornaşdyrylýar.
    Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek parahatçylyk, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şondan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär.


    Enejan KÖRPÄÝEWA
    Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

    Başga makalalar