Ylym we bilim islendik döwletiňdir jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçilikleriniň toplumlaýyn pugtalandyrylmagynyň binýady hem-de möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek esasy wezipeleriň biridir. Ylym jemgyýetçilik ösüşine kuwwatly itergi berýän özgerdiji güýç hökmünde Türkmenistanyň häzirki durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzyň okgunly ösüşi, esasan, ylymly, bilimli, zehinli ýaşlara we olaryň netijeli ylmy işlerine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzda ýaşlar hemmetaraplaýyn goldanylyp, täze üstünliklere ruhlandyrylýar. Milli ylym ulgamy ylmy-tehniki ösüşe, iň täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanmak bilen, ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamynyň ösdürilmegine berilýän goldaw ýyl-ýyldan artýar, düýpli we amaly ylmy barlaglary geçirmek, täze açyşlar etmek, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, tehnologiýalary ulanmak, geljegi uly ugurlarda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek üçin zerur şertler döredilýär. Ugurdaş edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Olaryň işine häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar, şol sanda internet ulgamy, elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişligine netijeli aralaşmak babatda hemme mümkinçilikler döredilýär.
Aýbölek MYRADOWA Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň dil, matematika, bedenterbiye we kompýuter tehnikasy dersleri boýunça usuly birleşmäniň ýolbaşçysy