Men umumy bilim berýän orta mekdebimi üstünlikli tamamlap, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby bolmaklygy arzuw edip, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine dalaşgär boldum we giriş synaglaryny üstünlikli tabşyrdym. Meniň begenjimiň we guwanjymyň çägi ýok. Meniň lukman bolmaklygym bu meniň enemiň we atamyň, ejemiň we kakamyň arzuwy, bu meniň çagalykdan goýan maksadym. Ine bu gun men öz nesil daragtymyň we özümiň arzuwymy amal etmek üçin, ilkinji ädimimi ätdim. Men arzuwyma ýetmek üçin mekdepde geçirilýän dürli ders bäsleşiklerine gatnaşdym we “Altyn Asyryň Altyn zehinleri atly” bäsleşikleriň çäginde geçirilýän, ders olimpidasynyň “Biologiýa” dersi boýunça Balkan welaýaty boýunça ýeňijisi boldum. Meniň kalbymyň buýsanç duýgularynyň çägi ýok. Şonuň üçin hem bize okamaga, öwretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik başlary aman bolsun!
Tawus NYÝAZMÄMMEDOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby