Parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr
25.08.2025
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Şeýle şanly ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi ýylymyzyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Mukaddes Garaşlygymyzyň 34 ýyllygyna, Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan günlerimizde baýramçylyk şatlygymyz goşalanýar. Munuň özi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirmekde, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan syýasatyna berlen ýokary bahadyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarda kesgitli ugur hökmünde oňyn Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ata-babalarymyzdan gelýän däplere eýerdi. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ugurlaryny kemala getirmek babatda toplanan gymmatly tejribelerimiz Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr. Geçen asyryň ahyrky onýyllygynyň başynda hemişelik Bitaraplyk dünýäniň syýasy kartasynda täze dörän ýaş türkmen döwletiniň röwşen geljege berk ynam, synmaz erk-ygtyýar bilen eýe bolan mizemez Garaşsyzlygyndan soňra gazanan uly taryhy-syýasy üstünligidir, mukaddes gymmatlygydyr. Bu taryhy wakalar Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygy, asudalygy, birek-birege ynam bilen abadan ýaşaýşy, durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen, agzybirlik, jebislik, dostluk, ynsanperwerlik ýaly tutuş adamzat ähmiýetli gymmatlyklary hemişe we ähli babatda ileri tutmaga çagyrýan dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Arslan GURBANOW Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň «Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag» barlaghanasynyň baş hünärmeni