Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkemnistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys” diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyga, ösüşe, kämillige gönükdiren bilim ýolyny özüne hemra edinen türkmen ýaşlarynyň ençemesi durmuşyna, ykbalyna täsir edýän pursatlary, göwün galkyndyryjy duýgulary başdan geçirýär. Çünki bu ýaşlar «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginiň ýeňijisi bolup Şa serpaýa mynasyp boldular. Onda-da, sebitde ilkinji akylly şäher, Gahryman Arkadagymyzyň mähir-yhlasyndan dörän, ýaşlaryň we ýaşlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň adyndan bu bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolmak uly bagtdan nyşan. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşigi kalby aýdym-saz sungatyna bolan söýgüden püre-pür doly ýaşlaryň ençemesini sungat ýolunda uly üstünliklere ruhlandyrýar. Şol ýaşlaryň içinde ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýan bilim ojagy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangözel Gurbanmyradowanyň hem bolmagy biz mugallymlary diýseň begendirýär. Talybymyzyň gazanan bu ýokary üstünligi, mynasyp bolan baýragy beýleki ýaşlary hem bu ugurda kämilleşmäge iterýär. «Yhlasa — myrat» diýilişi ýaly maşgalasyndan başlanan sungat ýoly, çagalykdan, mekdep ýyllarynda sahnalarda çykyş edip öz zehinini, ukyp başarnygyny kämileşdirmek ýolundaky gujur gaýraty, ahalteke bedewlerine bolan söýgüsi, yhlasy, aýdym-saz sunagty bilen birleşip Gurbangözeliň 2024-nji ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby bolmagyna getirdi. Akademiýada geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler bilen bir hatarda, dürli ders we döredijilik bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri, halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Gurbangözeliň has-da kämilleşmegine şert döretdi. Ynha 2025-nji ýyl hem onuň durmuşynda hiç bir wagt ýatdan çykmajak, uly buýsanç bilen ýatlanjak ýyl. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ilkinji gezek gatnaşyp ýeňiji bolmak Gurbangözel üçin we beýleki ýeňijiler üçin täze bir sahypanyň başlangyjy boldy. Ajaýyp zamanamyzda ýüregi buýsançdan doly Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginiň ýeňijileri özlerine döredilip berilýän şeýle ulu mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Seradrymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar. Ýaşlara döwrebap bilim almaga, sungat bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Söýenç AHMEDOW Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy, akademiýanyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy