«TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY»

  • 15.10.2025
  • «TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY»

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geçýän her bir günümiz toýdur baýramlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Az wagtyň içinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ähli ugurlarda beýik-beýik ösüşleriň, özgertmeleriň Watanyna öwrüldi. Bu ösüşleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän parasatly syýasaty durýar.
    Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan döwletimiziň her bir künjeginde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýylyk toýy uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry külli türkmen halky üçin ýatdan çykmajak taryhy seneleriň biri bolupdy. Çünki şol gün abraýly guramalaryň biri hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dünýäniň 185 döwletiniň bir agyzdan goldamagy bilen, Türkmenistan döwletimiz hemişlelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde, 193 döwletiň bir agyzdan goldamagynda, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamany ikinji gezek dünýä jar etmegi türkmen halkynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Ýatlamaga mynasyp ýakymly pursatlaryň ýene-de biri-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň 21-nji martynda Nýu-Ýorkda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamanyň 3-nji gezek ykrar edilmegidir. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, halkara hyzmatdaşlygy, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan döwletdiginden habar berýär.
    Gahryman Arkadagymyz «Bitarap Türkmenistan» atly ajaýyp kitabynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygymyzyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär» diýip belläp geçýär.
    Taryhy gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly geçmişimizde pederlerimiziň asyrlarboýy asuda, parahat, garaşsyz, bitarap döwletiň arzuwynda ýaşandyklary biziň hemmejämize aýan. Halk arasynda «Arkalaşan dag aşar», «Agzybirlik uly güýçdür», «Agyz bir bolsa, göwün jem bolar» ýaly halky agzibirlige, asudalyga, jebislige çagyrýan parasatly pähimler agzibirligiň sarsmaz güýçdügini nygtaýan atalar sözleri bar. Beýik şahyr, Gündogaryň danasy, Magtymguly Pyragy:

    Türkmenler, baglasa bir ýere bili,
    Gurudars Gulzumy, derýaýy-Nili,
    Teke, ýomut, gökleň, ýazyr alili,
    Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz

    ýa-da:

    Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
    Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,
    Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
    Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

    ýaly şygyr bentleri bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet gurup, berkarar ýurtda erkana, agzybir, jebis, bitewi ýaşamagyň arzuwynda bolandygyny beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamymyň Galkynyşy döwri ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolan, halkyň jem bolup bir agza bakýan döwri.

    Gülälek REJEPGULYÝEWA
    Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
    akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi



    Başga makalalar