HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR

  • 14.10.2025
  • HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan baý many-mazmunly wakalara beslenýär. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna şu ýyl 30 ýyl dolýar. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa Bitaraplygymyzyň üçünji gezek Ýer ýüzünde ykrar edilendigini alamatlandyryp, mähriban halkymyzy buýsandyran taryhy wakalaryň biri boldy.
    Bu günki-gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylygy söýýändigini, ähli halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklarda ýaşamagy ýörelge edinýändigini dünýä äşgär edýär. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Türkmenistanyň dünýä bileleşigine işjeň goşulmagy, ençeme döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň giňemegi, halkara maslahatlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilip durulmagy ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşine kuwwatly itergi berýär we onuň bütin dünýädäki abraýyny belende göterýär.
    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen tarapynyň tagallalary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça täze hukuk we guramaçylyk esaslaryny işläp taýýarlamak barada yzygiderli işler alnyp barylýar.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary netijesinde energiýa serişdeleriniň durnukly hem-de howpsuz üstaşyr geçirilmegi, bütin dünýäde ekologiki abadançylygyň goralyp saklanmagy, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň bähbitlerinden ugur alyp amatly ulag-üstaşyr gatnawlarynyň üpjün edilmegi babatdaky Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary bu günki gün özüniň oňyn çözgütlerini tapýar. Soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen degişli Rezolýusiýalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu möhüm ugurda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa we dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine eýe bolýar. Kabul edilýän täze Rezolýusiýalara ýüzlerçe döwletler awtordaş hökmünde çykyş edýärler.

    Äşe MÄMMEDOWA
    Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
    akademiýasynyň mugallym-öwrenijisi

    Başga makalalar