Her bir ýurdyň ösüşi onuň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän orny, dünýäniň maddy we medeni mirasyna goşýan goşandy bilen kesgitlenilýär. Bu gün tutuş dünýä tarapyndan belent ykrarnama eýe bolan Türkmenistan döwletimiz özüniň saglygy goraýyşda, bilimde, sportda gazanan üstünliklerini tutuş dünýä ýaýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna bagyşlanan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat hem muňa aýdyň subutnamadyr.
"Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda" uly ruhybelentlik bilen geçirilýän bu Halkara sergä juwan şäher, saglygyň, bilimiň we sportyň şäheri bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem öziniň sergi pawilýony bilen gatnaşdy. Ýurdumyzyň üç sany baýlygyny saglygy, bilimi, sporty bir umumylyk görnüşinde özünde jemleýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň sergi pawilýony bu ýere gelýän myhanlarda uly gyzyklanma döretdi. Serginiň merkezinde ýerleşdirilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerimize bagyşlap ýazan ajaýyp kitaplary we "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleriniň baýraklary ilkinji nobatda ünsüňi özine çekýär. Serginiň diwarlyklarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binalar toplymynyň şekilleri, okuw purstlary we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň garamagyndaky "At-myrat" okuw merkezinde İppoterapiýa usulynda bejergi alýan mümkinçilikleri çäkli çagalarynyň ahalteke bedewleri bilen pursatlary ýerleşdirildi. Şeýle hem sergi pawilýonymyzda MK-10 at simulatory hem ýerleşdirildi. Bu täze tehnologiýada atly gezimiň ýokary mekdebi (dressage simulator) myhmanlar görkezildi.
Dünýä meşhur ahalteke bedeweleri gadymy döwürlerden bäri uly meşhurlyga, gyzklanma eýe bolup gelýär. Hususan-da Gahryman Arkadagymyzyň seýisläp ýetişdiren Ak han atly ajaýyp bedewi Ginnesiň bütindünýä rekortlar kitabyna girip uly meşhurlyk gazandy. Türkmen bedewiniň buýsançly duruşy bilen misli janly hakykat mysaly Ak han atyň heýkeli bu sergä gelýän myhmanlary garşylaýan ýaly sergä aýratyn özboluşluk çaýdy. Türkmen zergärleriniň döreden nepis milli şaý sepleri, eýer-esbaplary hem serginiň gözelligine gözellik goşdy. Bu sergi halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, özara tejribe alyşmakda biziň üçin uly ähmiýete eýe boldy. Halkara derejesinde şulary ýaly sergilere gatnaşanma döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Ýunus KULİÝEW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy