SAGLYGY GORAÝYŞYŇ MİLLİ NUSGASY

  • 27.10.2025
  • SAGLYGY GORAÝYŞYŇ MİLLİ NUSGASY

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny düýpli kämilleşdirmek babatda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Bu wezipe halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini, dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy ýörelgelerini sazlaşykly utgaşdyrýan saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasyny yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasan ugurlaryny kesgitleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryna eýerilip, bu möhüm durmuş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar.

    Ogulbaýram GURBANOWA
    Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy

    Başga makalalar